Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Огул үчинми я-да гыз үчин – пархы ёк, аял өзүниң тәмизлениш дөври тамамланандан соң, ол якма гурбанлыгы үчин биряшар токлыны ве гүнә гурбанлыгы үчин бир кепдерини я-да гумрыны Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы рухана гетирип берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 12:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr.


Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder.


Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir.


Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin.


Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.


Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.


Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderi çagasyny getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde ruhana bersin.


Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ