Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».
Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar.