Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz.
Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr.
Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.