Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 11:45 - Mukaddes Kitap

45 Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Мен – Реб сизи Мүсүр топрагындан сизиң Худайыңыз болмак үчин алып гелдим. Сиз мукаддес болмалысыңыз, чүнки Мен мукаддесдирин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 11:45
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Men Rebdirin».


Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Gaýtam, olar üçin, olaryň Hudaýy bolmak üçin, olaryň beýleki milletleriň gözüniň alnynda Müsürden alyp çykan ata-babalary bilen eden ähtimi ýatlaryn. Men Rebdirin“».


Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz.


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýlip ýazylandyr.


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ