Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 11:44 - Mukaddes Kitap

44 Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Худайыңыз Реб Мендирин. Шонуң үчин хем сиз тәмизленип, мукаддес болуң, чүнки Мен мукаддесдирин. Гурыер сүйрениҗилерини ийип, өзүңизи харам этмәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 11:44
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi baky, wepadarlygy – nesillerboýy.


«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.


Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».


Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.


Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň.


«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.


Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Heý, belleşmezden iki adam bile ýola düşermi?


Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz.


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.


Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ