Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 11:39 - Mukaddes Kitap

39 Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Эгер халал җандарларың бири өлүп, онуң маслыгына галташан хер кес, агшама ченли харам сайылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 11:39
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.


Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.


Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin.


Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.


Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ