Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 11:32 - Mukaddes Kitap

32 Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Буларың бириниң маслыгы бир задың үстүне гачса, шол зат харам болар. Ол ислендик уланылян зат: агач гап болсун, эгинбаш болсун, дери болсун, халта болсун – пархы ёк, олар сува сокулып чыкарылмалыдыр ве ол агшама ченли харам сайылмалыдыр. Шондан соң ол халал болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 11:32
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.


Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.


Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.


Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgüç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn.


Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary haram bolar.


Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ