Haýwanlaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, olaryň halal görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan bir jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al.
Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.
Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň.
Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.