Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Соңра Муса Харуна ве онуң огуллары Элгазар билен Ытамара шейле дийди: «Сачларыңыз даралмадык болмасын, яс баглап, якаңызы йыртмаң. Эгер сиз шуларың бирини этсеңиз, өлерсиңиз ве Реббиң газабы бүтин халкың башындан инер. Эмма сизиң гарындашларыңыз ве бүтин ысрайыл халкы Реббиң от үсти билен ёк эденлери үчин яс тутуп билерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 10:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.


Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.


Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn.


Söýgüli ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.


Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar.


Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda durzup, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn.


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


Siz bolsa bu gün Rebden boýun towladyňyz! Eger siz bu gün Rebbe baş göterseňiz, ertir Ol tutuş ysraýyl jemagatyna göz görkezer.


Ýadyňyzdamy, Zeranyň çowlugy Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan ogurlap, dönüklik edipdi. Munuň üçin bolsa jeza tutuş ysraýyl jemagatynyň üstünden indi. Bu günä üçin onuň diňe ýeke özi ölmändi“».


Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi.


Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ