Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 10:19 - Mukaddes Kitap

19 Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Харун Муса йүзленип шейле дийди: «Ине, мениң огулларым бу гүн Реббиң хузурында гүнә хем-де якма гурбанлыкларыны берди. Мениң башымдан болса бетбагтчылык инди, муңа гарамаздан, бу гүн мен гүнә гурбанлыгындан иен болсам, бу Реббе ярармыды?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 10:19
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.


Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.


Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlygynyň gölesiniň damagyny çaldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim.


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ