Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 10:14 - Mukaddes Kitap

14 Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эмма Реббе гөтерме садака хөкмүнде берлен дөш билен үвреме садака хөкмүнде буды сен өз огулларың ве гызларың билен биле ислендик халал ерде ийип билерсиң. Чүнки булар ысрайыл халкының саламатлык гурбанлыкларындан саңа ве сениң чагаларыңа берлен пайдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 10:14
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.


Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp ýa dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin.


Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.


Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.


Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.


Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ