Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 10:13 - Mukaddes Kitap

13 Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сиз оны мукаддес ерде иймелисиңиз. Бу Реббе от үсти билен берилйән гурбанлыклар сениң ве огулларыңың пайыдыр. Чүнки Реб маңа шейле буюрды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 10:13
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.


Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.


Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.


Hemmäniň berýän mukaddes sadakalary ruhanyňkydyr, kim näme berse ruhanyňkydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ