Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Муса Харуна ве онуң галан огуллары Элгазар билен Ытамара шейле дийди: «Реббе от үсти билен берлен садакалардан артан галла садакасыны алың. Ондан петир биширип, оны гурбанлык сыпасының янында ийиң, чүнки ол өрән мукаддес садакадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 10:12
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.


Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir.


Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.


Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.


Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.


Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».


Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun.


Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ