Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Соңра руханы гушуң ганатларындан тутуп, оны икә бөлсүн, йөне бөлеклери бири-биринден долы бөлүп айырмасын. Онсоң ол гушы гурбанлык сыпасында яксын. Реббе тутушлыгына от үсти билен берилйән бу якма гурбанлыгының ысы Оңа якымлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 1:17
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi beýleki böleginiň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ol bulary ruhana getirip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy üçin niýetlenen guşy Hudaýa hödür edip, onuň boýun oňurgasyny ýazdyrsyn, ýöne onuň kellesini ýolup aýyrmasyn.


Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.


Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.


Harunyň ogullary ýakma gurbanlyk malyny böleklere bölüp, ony kellesi bilen bile Haruna getirip berdiler. Harun olary tutuşlygyna gurbanlyk sypasynda ýakdy.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.


Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.


Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ