Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эгер Реббе якма гурбанлык хөкмүнде гуш хөдүрленилйән болса, онда сизиң гурбанлык гушуңыз гумры я-да кепдери болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 1:14
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.


Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».


Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.


Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ