Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Гурбанлык җанлысының гарын ичегелери ве аяклары сува ювулсын. Онсоң руханы буларың хеммесини гурбанлык сыпасында яксын. Реббе тутушлыгына от үсти билен берилйән бу якма гурбанлыгының ысы Оңа якымлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 1:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.


Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.


Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.


Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ