Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Малың эеси гурбанлык җанлысының дамагыны гурбанлык сыпасының демиргазык тарапында, Реббиң хузурында чалсын. Харуның огуллары – руханылар болса гурбанлык җанлысының ганыны гурбанлык сыпасының чар тарапына серпсинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 1:11
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi.


Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:


Onsoň Hudaý maňa: «Eý, ynsan ogly! Demirgazyk tarapdaky ýola seret» diýdi. Görsem, gurbanlyk sypasynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesinde ýaňky nejis but bar eken.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ol elini günä gurbanlygy üçin berilýän janlynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.


«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.


Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ