Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Доварлардан алнан җанлы якма гурбанлык берилйән болса, онда бу гурбанлык җанлысы хич бир шикессиз гоч я-да эркеч болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 1:10
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.


Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.


Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Harun ilki bilen günä gurbanlygy üçin bir öküzçäni we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy gurbanlyk bermezden öň iň mukaddes otaga girmeli däldir.


Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin.


Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.


Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.


«Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler.


Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ