Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýagdaýymyz barada habar bermek we sizi ruhlandyrmak üçin men ony siziň ýanyňyza iberdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ягдайымыз барада хабар бермек ве сизи рухландырмак үчин мен оны сизиң яныңыза ибердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 4:8
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.


Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegini haýyş etdim. Onuň ýany bilen imandaky doganymyzy hem iberdim. Heý-de Titus sizi öz bähbidi üçin işletdimi? Eýsem biz şol bir Mukaddes Ruha görä ýaşamaýarysmy? Şol bir ýörelgä eýermeýärismi?


Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz.


Ine, hut şu maksat bilen, biziň ýagdaýymyzy habar bermek, şeýle-de sizi ruhlandyrmak üçin, men ony siziň ýanyňyza iberýärin.


Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ