Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ыхлас билен хемише Худая дога окаң, дога-дилегде шүкүр эдип, хүшгәр болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 4:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.


Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».


Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.


Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ