Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!
Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.
Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.
Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.
indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi.
Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.
Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz?
Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.
Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».