Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шейлеликде, Месих билен дирелендигиңизе гөрә, гөклердәки затлары агтарың. Месих гөкде Худайың сагында отурандыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 3:1
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.


Akyldara ýokardaky durmuş ýolundan ýöremegi aşakdaky ölüler dünýäsinden daşlaşmagy üçindir.


Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarapdyr.


„Hudaý Rebbime şeýle sözledi: Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur“.


Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.


Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi:


Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi.


Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler adamy ölüme eltýär. Mukaddes Ruhdan döreýän pikirler bolsa ýaşaýyş we parahatlyk berýär.


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur.


Eý, aýallar, Rebbe tabyn bolşuňyz ýaly, äriňize hem tabyn boluň.


Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz?


Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.


Hudaý haýsy perişdä: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur» diýipdir?


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Aýdýanlarymyzyň düýp manysy şundadyr: gökde beýik Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhanymyz bardyr.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ