Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хүшгәр болуң! Хич ким сизи бош хем ялан пелсепелер билен есир эдәймесин, себәби бейле геплер Месихе дәл-де, ынсан дәп-дессурларына ве паны дүнйәниң йөрелгелерине эсасланяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 2:8
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň!


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Men ýahudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýahudylaryň dininde diýseň ilerläpdim. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny saklamakda hem juda yhlaslydym.


Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Emma siz Mesih barada öwreneniňizde, beýle zatlary öwrenen dälsiňiz.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz?


Bu düzgünleriň hemmesi ulanyldygyça ýok bolup gider, sebäbi olar ynsan buýruklaryna we taglymatlaryna esaslanýandyr.


Elbetde, bu urp-adatlar galp dindarlykda, pespälsirän bolmakda, bedene ezýet çekdirmekde akyldarlyk ýaly görünýändir, emma bularyň ynsanyň pis niýetiniň öňüni almakda hiç bir peýdasy ýokdur.


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ