Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Алкышлар билен долуп-дашып, Месихде көк уруң ве бина эдилиң, өзүңизе өвредилиши ялы, иманда берк дуруң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 2:7
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz».


ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da,


Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Siz Isanyň sözlerini eşidensiňiz we Onuň hakykatyna esaslanyp, tälim alansyňyz.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ