Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.
Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.
Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».