Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мен сизиң үчин ве Лаодикиядакы иманлыларың, шейле-де мени танамаянларың әхлиси үчин нәхили гайдувсыз зәхмет чекйәндигими билмегиңизи ислейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 2:1
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin.


Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ