Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Колосиялылар 1:4 - Mukaddes Kitap

4 sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 себәби биз сизиң Иса Месихе болан иманыңыз ве Худайың әхли халкына гөркезен сөйгиңиз хакында эшитдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Колосиялылар 1:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz diňe Titusyň gelmeginden däl, eýsem oňa beren teselliňiz barada eşidip-de, teselli tapdyk. Ol siziň meni küýseýändigiňiz, çuňňur gynanjyňyz, maňa bolan uly yhlasyňyz barada gürrüň berende, begenjim öňküden-de artdy.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


Biz Onuň Ogly Isa Mesihe iman etmelidiris we Isanyň buýruşy ýaly biri-birimizi söýmelidiris. Bu Hudaýyň buýrugydyr.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ