Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Бизиң үчин бир чага догулды, бир огул берилди бизе, хөкүмдарлык онуң гершинде болар; Онуң ады Аҗайып Маслахатчы, Гудратлы Худай, Эбеди Ата, Парахатлык Шазадасы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:6
82 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».


Emma Süleýman patyşa ýalkanar. Dawudyň tagty Rebbiň öňünde baky berkär» diýdi.


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,


Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.


Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.


Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.


Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.


Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar.


Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.


Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.


Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.


Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.


Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.


Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler.


Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ