Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.
Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.
Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler.
Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.
Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.
Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.
Şawulyň ruhany bilen gepleşip duran wagtyna çenli piliştlileriň düşelgesinde dowam edýän başagaýlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Şoňa görä Şawul ruhana: «Äht sandygyndan eliňi aýyr» diýdi.