Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Оларың агыр боюнтырыгыны, геришлериндәки сердессесини, сүтемкешлериниң хасасыны дөвдүң мидянларың башына гетирен гүнүң дек.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».


Reb bize beýik işleri etdi, şoňa görä, biz şatlykdan doly.


Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Sion, ýesir gyz!


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


«Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar, onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup: „Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak nädip döwüläýdi!“ diýiň.


Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.


Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ