Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Миллети көпелтдиң Сен, артдырдың оларың шатлыгын, хасылда шатланышлары дей, Сениң өңүңде гуванярлар, олҗа пайлашян дей галкынышярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:3
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň.


Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär, milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.


«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!


Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.


Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.


Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.


Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.


Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.


Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.


Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar.


Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


Eý, patyşalar, eşidiň! Eý, serkerdeler, diňläň! Men Rebbe nagma aýtjak, Ysraýyl Hudaýy Rebbe bir owadan saz çaljak.


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


Midýanlaryň Zebah bilen Salmunna atly iki baştutany gaçdy, emma Gidegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.


Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ