Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:21 - Mukaddes Kitap

21 Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эфрайым билен Манаша бири-бирини ювударлар, билеликде Яхуда хүҗүм эдерлер, сөнмәнди Реббиң газабы барыбир, энтек хем җеза бермәге тайын эли.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:21
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy.


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar, Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler, Efraýym Ýahuda göripçilik etmez, Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bütewülik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.


Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Reb Gidegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.


Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ