Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Халк онда-мунда тапаныны иер, йөне шонда-да доймаз, ач болар, хер кес өз гарындашының этини иер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:20
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.


Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.


Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy.


Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz, aç galarsyňyz. Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz. Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.


Men olara: «Men siziň üçin çopançylyk etjek däl. Ölen – ölsün, ýumrulan – ýumrulsyn. Aman galanlar bolsa biri-biriniň etini iýsinler» diýdim.


Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ