Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ёл гөркезйәнлер бу халкы азашдырярлар, олара эеренлер болса бетбагтчылыга учраярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:16
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.


Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.


Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Kiçiniň özünden beýik adamdan pata alýandygy şübhesizdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ