Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 9:12 - Mukaddes Kitap

12 gündogardan siriýalylary, piliştlileri günbatardan. Olar Ysraýyly ýuwudarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 гүндогардан сириялылары, пилиштлилери гүнбатардан. Олар Ысрайылы ювударлар, агызларыны ачарлар-да. Йөне Реббиң газабы сөнмәнди шонда-да, эли энтек-де җеза бермәге тайын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 9:12
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Siriýa patyşasy Resin Eýlaty aram halkyna gaýtaryp berdi we ýahudalary Eýlatdan kowup çykardy. Edomlylar Eýlata geldiler we olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.


Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.


Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Ýurduň derwezelerinde halkymy çarşak bilen sowraryn. Perzentsiz goýup, olary heläk ederin, çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.


Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.


Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.


Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz, emma suwdan ganyp içmediňiz, şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ