Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шонуң үчин Реб Евфрат дерясының гүйчли сил сувларыны, Ашур патышасыны ве онуң шөхратыны бу халкың үстүне гетирер. Ол онуң әхли җарларындан ашып, бүтин кенарларына долар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 8:7
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.


Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap, ýapgyt gurmaz.


Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.


«Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.


Babyly deňiz basdy; äpet tolkunlar ony büredi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Seni ilatsyz galan şäherler ýaly harabaçylyga öwrenimden soň, çuňlugy üstüňe getirip, köp suwlar bilen büränimden soň,


Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.


Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.


Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.


Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.


Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.


Emma Ol Ninewäni daşgyn sil bilen ýok eder, duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.


ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ