Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 8:6 - Mukaddes Kitap

6 «Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 «Бу халк хаял акян Шилова сувуны рет этди, оларың Ресиниң хем Ремаляның оглундан көңүллери шат болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 8:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýlan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi.


Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy.


Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin,


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.


Olar: ‘Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň’ diýdiler.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Liwanyň gary onuň beýik gaýalaryny, heý, terk edermi? Onuň uzakdan akýan sowuk bulaklary heý kesilermi?


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura?


Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi?


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ