Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 8:21 - Mukaddes Kitap

21-22 Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21-22 Олар мушакгат хем ачлык ичинде юртда ыкмандалык эдерлер; ач галанларында газапланып, өз патышаларыны ве худайларыны нәлетләрлер. Гөге-де, юрда-да бакарлар, эмма диңе хасрат, гараңкылык ве элхенч түмлүк гөрерлер. Олар түмлүге ковларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 8:21
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dördünji aýyň dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady.


Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.


Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»


Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi.


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.


Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.


Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?


Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Efraýym bilen Manaşa biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm ederler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.


Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.


Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ