Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 8:19 - Mukaddes Kitap

19-20 Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19-20 Халк сизе шейле дийсе: «Пышырдаян ве самырдаян рух чагырянлара ве җадыгөйлере йүз тутуң; халк өвүт-несихат үчин өз худайларына, дирилериң адындан өлүлере йүз тутмалы дәлми нәме?» Шейле диййәнлер даң шапагыны гөрмезлер!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 8:19
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».


Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.


Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.


Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.


Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?


Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki, olardan peýda görersiň, belki, olar bilen gorkuzarsyň!


Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.


Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin.


Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň.


Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň.


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Aýal ondan: «Men seniň ýanyňa kimi getirmeli?» diýip sorady. Ol: «Şamuweli» diýip jogap berdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?


Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.


Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ