Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.
Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».