Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Самария Эфрайымың пайтагты, Ремаляның оглы Самарияның башы, ынамда берк дурмасаңыз, берк дурмарсыңыз асла’“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:9
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi.


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.


Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.


Bütin halk, Efraýymyň, Samariýanyň ilatlary muny bilerler. Olar tekepbirlik, ýürek buýsanjy bilen şeýle diýýärler:


Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.


Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?


Emma ýüzbaşy Pawlusyň maslahatyna gulak asman, gämi ýolbaşçysy bilen gämi eýesiniň gepine ynandy.


Şonuň üçin, adamlar, mert boluň, sebäbi men Hudaýa ynanýaryn, hemme zat özüme aýdylyşy ýaly bolar.


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ