Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».
Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.