Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Olar: ‘Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň’ diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Олар: ‘Гелиң, Яхуданың үстүне чозалың, оны горкузып, басып алалың ве Табеелиң оглуны патыша эделиң’ дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:6
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.


Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.


Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.


Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi. Siriýa patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy.


Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.


Rebbiň howlularyny küýsäp, meniň janym ysgyndan düşýär; ýüregim, tenim diri Hudaýa şatlanyp, nagmalar aýdýar.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.


Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady.


Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: ‘Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ