Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:4 - Mukaddes Kitap

4 „Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 „Гулак гой, рахатлан, горкма. Бу түсселәп дуран ики отлы кесиндиден, Сирия шасы Ресиниң ве Ремаляның оглуның ловлаян газабындан хедер этме.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi.


Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.


Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.


Damask Siriýanyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.


Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.


Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ