22 Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer.
22 Ол сагып алан бол сүйдүнден гаймак иер; юртда галан хер кес гаймак хем бал иер.
Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.
Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.
Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.
Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer.
Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».
Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.