Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шол гүн Реб Мүсүр деряларының аягучларындакы сиңеклере, Ашур юрдундакы арылара сыгырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.


Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.


Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar.


Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.


Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar.


Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ