Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мунуң үчин Реббиң Өзи сизе бир аламат берер. Ине, гыз гөврели болуп, огул дограр. Онуң адына Иманувел дакар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:14
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy.


Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy.


Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy.


Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».


Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.


Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur:


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi.


Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Gidegon Hudaýa şeýle diýdi: «Ysraýyllary meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe beren sözüň çyn bolsa, onda


Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel dakdy.


Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ