Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:11 - Mukaddes Kitap

11 «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 «Худайың Ребден аламат сора; гой, ол өлүлер дүнйәсинден чуң, гөк кимин бейик болсун» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».


Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


«Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi.


Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.


Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp,


Onsoň sen özüň bilen gidenleriň gözüniň alnynda küýzäni döw.


Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“.


Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ