Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ресин Сирияның патышасыды; Ремаляның оглы Пека Ысрайылың патышасыды. Олар Иерусалиме гаршы уруш этмәге чыкдылар, йөне оңа гаршы сөвеш эдип билмедилер. Шол дөвүрде Узыяның агтыгы, Ётамың оглы Ахаз Яхуданың патышасыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 7:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi.


Şol döwürde Reb Siriýa patyşasy Resini, Remalýanyň ogly Pekany Ýahudanyň garşysyna goýberip başlady.


Remalýanyň ogly Pekanyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ýotamyň ogly Ahaz Ýahuda patyşa boldy.


Şol wagt Siriýa patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler.


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


Muňa görä Reb Resiniň ýagylaryna onuň garşysyna çykmaga güýç berdi, duşmanlaryny aýaga galdyrdy olaryň,


Söwdaňyň köpdügi üçin Siriýa seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler.


Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ