Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 66:4 - Mukaddes Kitap

4 Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олара залымлык этмеги сайларын Менем, горкян затларыны башларына гетирерин; чүнки Мен чагыранымда, хич ким җогап бермеди, гепләнимде, диңлемедилер; Мениң йигренйән ишлерими этдилер, Маңа ярамаян затлары сайладылар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 66:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.


Erbediň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Ol halk baglarda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakyp kerpiç sypada, gözümiň alnynda yzly-yzyna gaharymy getirýär.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.


Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin.


Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ